Mert Hukuk Hyzmatlary
Mert Hukuk law firm logo

Seljermeler

Baş sahypa Seljermeler Raýat kanunçylygynyň ösüşi

Mert hukuk & Raýat kanunçylygynyň ösüşi

Raýat kanunçylygynyň ösüşi

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli kanunçylygymyzyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän şertleriň biridir. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet syýasatynyň dabaralandyrýan kämil hukuk namalary jemgyýetimizde agzybirligi üpjün etmek bilen birlikde, hukuk gatnaşyklaryny hem ösdürýär. Şeýle hem raýatlarymyzyň hukuk medeniýetiniň has kämilleşmegine ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýunynda kabul edilen, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýän, 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda metbugatda çap edilen Türkmenistanyň Raýat kodeksi onuň anyk mysallaryndandyr.

Döwletimizde hereket edýän möhüm hukuk namalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kämilleşdirilip, täze beýanda kabul edilmegi milli kanunçylygyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Raýat kanunçylygy raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we ony amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şertnamalaýyn we gaýry borçnamalary, şonuň ýaly-da beýleki emläk gatnaşyklary we olar bilen baglanyşykly emläkleýin däl şahsy gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Döwletiň we hukugyň nazaryýetinden belli bolşy ýaly, kanunçylyk ulgamy — bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryň bir bitewi, biri-birine çapraz gelmeýän sazlaşykly daşky birleşmesi bolup, ol zerur bolan hukuk görkezmeleri bilen tanyşmagy ýeňilleşdirýär we olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Raýat kanunçylygy Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, ilkinji nobatda, taraplaryň deňligine esaslanýan, emläkleýin we emläkleýin däl şahsy gatnaşyklary düzgünleşdirmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary durnuklylaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda döwletimiziň raýat kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Raýat, Ýaşaýyş jaý we Maşgala kodeksleri ýaly raýatlaryň arasynda ýüze çykýan emläkleýin we emläkleýin däl gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kodeksiň 1-nji maddasynda raýat kanunçylygy özüniň düzgünleşdirýän gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligini, eýeçiligiň eldegrilmesizligini, şertnamanyň erkinligini, kimdir biriniň hususy işlere eden-etdilikli gatyşmagyna ýol berilmesizdigini, raýat hukuklarynyň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny, bozulan hukuklaryň dikeldilmeginiň üpjün edilmegini, olaryň kazyýetiň üsti bilen goralmagyny ykrar etmek ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistanyň Raýat kodeksi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady ulgamynyň hukuk beýanlarynyň biridir. Mysal üçin, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 7-nji maddasynda şeýle bellenilýär: «Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ileri tutulýar».

Raýat kodeksi özünde emläkleýin we emläkleýin däl gatnaşyklaryň kadalaryny we beýleki ýörite kadalaşdyryjy hukuk namalara salgylanýan hukuk kadalaryny berkitmek bilen raýat kanunçylygynyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Raýat kodeksi raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukuklarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we şol hukuklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Mundan başga-da, ýörite kanunlarda başgaça göz öňünde tutulmadyk halatynda, ýokarky bölekde görkezilen alamatlara laýyk gelýän maşgala, ýaşaýyş jaý, zähmet gatnaşyklaryny, tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak bilen bagly gatnaşyklary hem düzgünleşdirýär.

Bulardan başga-da, Kodeksde fiziki şahsyň şahsy hukugy diýlip, bu adamyň raýatlygy bolan ýurdunyň hukugy hasap edilýändigi, eger-de daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklary babatda onuň şahsy hukugy Türkmenistanyň hukugy bolup durýandygy, eger-de şahsda birnäçe daşary ýurtlaryň raýatlygy bar bolsa ýa-da şahsyň raýatlygy bolmasa, onda olaryň ýaşaýan ýeri bolan ýurdunyň hukugy şahsy hukuk diýlip hasap edilýändigi görkezilýär. Şonuň ýaly-da fiziki şahsyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan mümkinçiligi kesgitlenilende, ulanylýan hukuk hem-de hossarlyk we howandarlyk babatda, fiziki şahs nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende we ölen diýlip yglan edilende ulanylýan hukuk baradaky kadalar beýan

edilendir.

Ýeri gelende bellesek, agzalan Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda täze goşulan bapda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary beýan edilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýurdumyzyň milli kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!